SAGLYGA SYGNYP ÝAŞA RAHAT UKY — RAHAT BEDEN


SAGLYGA SYGNYP ÝAŞA RAHAT UKY — RAHAT BEDEN



“Ir turan işinden dynar” diýen nakyla eýerip, ukusynyň wagtyny öte azaldyp ýörenlere seýrek gabat gelýän dälsiňiz. Ýöne şeýle etmek dogrumyka? Biziň ukudan «bölüp alan» wagtymyz günüň dowamyndaky edýän işlerimiziň artmagyna kömek edýärmikä? Bu nädogry, hatda uklap alynmaly dynjyň 1 sagat kemelmeginiňem adamyň işjeňligine, ýerine ýetirýän işiniň hiline, ünsüni jemlemek, netije çykarmak ukybyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini alymlar belleýärler. Käbir adamlar «Näçe köp ýatdygyňça, oýalykdaky işjeňligiň gowulanýar» diýen ýaly ýalňyş pikire uýýarlar. Adamyň gowy dynç almagynyň ukuda geçirilýän wagtyň mukdary bilen däl-de, dynç alşyň hili bilen ölçenilýändigini ýatdan çykarmaly däldir.
Adam ömrüniň üçden bir bölegini ukuda geçirýär. Özi-de bu tebigatyň şu aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýola goýan tertip-düzgüni:
1. DIKELDIŞ. Ukynyň esasy maksady — beýnä, iýmit siňdiriş ulgamyna dynç bermek, olaryň işjeň ýagdaýyny dikeltmek. 2. UZAK WAGTLAÝYN HUŞY DIKELTMEK. Biz ukudakak ýatlamalarymyz bellibir tertibe düzülýär, saýhallanýar. Ýöne birahat uky muňa päsgel berýär.
3. IÝMIT SIŇDIRILIŞIŇ IŞINI KADALAŞDYRMAK. Sagat 23:00 — 03:00 aralygynda bedendäki ýaglaryň has gowy ýakylýandygy eýýäm subut edildi. Gündelik ukynyň 8 sagat dowam etmegi netijesinde beloklardyr uglewodlardaky däl-de, ýaglardaky energiýa sarp edilýär.
Uky bilen hereketiň özara baglanyşygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Gündiz az hereket etsek, gije wagtynda uklap bilemzok. Ukymyzy gowy alyp bilmändigimiz üçin-de, gündiz süňňümiz agyr bolýar. Garaz, gündiz ýeterlik hereket etmegiň sagdynlygymyzyň girewidigini ýatdan çykarmaly däl! Sebäbi ýeterlik hereket — rahat ukynyň kepili. Rahat uky bolsa sagdynlygyň kepilidir.