Lukman maslahat berýär


Lukman maslahat berýär



Her gezek suw gaýnadanyňyzdan soň, suw gaýnadýan gabyňyzyň, çaýnegiňiziň düýbündäki çökündileri aýyrmaly.

* * *
Gaýnag suw bilen çig suwy goşup, ulanmak dogry hasaplanmaýar.

* * *
Suwy gaýnatmazdan ozal 2-3 sagadyň dowamynda bir gaba guýup goýmak maslahat berilýär.

* * *
Her günki içjek suwuňyzy gündelik gaýnadyň. Ony ertire, birigüne çenli saklamaly däl.

* * *
Gaýnan suwy plastmassa çüýşelerinde däl-de, syrçaly ýa-da aýna gapda saklamaly. Her gezek suwy täzeläniňizde, gaby gowy edip ýuwup, çökündilerden

arassalamaly. * * *
Gaýnan suwly gaby Gün şöhlesiniň göni düşýän ýerinden daşda saklamaly.

* * *
Gaýnag suw sowaýanca, çagalaryň eliniň ýetmez ýaly ýerinde goýmalydyr.