“Bagtyýar döwrümiň suratkeş ýaşlary”


“Bagtyýar döwrümiň suratkeş ýaşlary”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlanyp “Bagtyýar döwrümiň suratkeş ýaşlary” atly sergisi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda toýlary-toýa ulaşýan, her güni ösüşli menziller bilen nurlanýan ýurdumyzda, ýaýbaňlandyrylan dürli dabaralar çäksiz joşgun eçilýär. Ine, bu gün hem mekdebimiziň şekillendiriş bölüminiň okuwçylarynyň çekip sergilän suratlarynda hem Watana bolan söýgüden kalplary doly ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişliklerini wasp edýän suratlaryny, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan, akyl paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinden ruhlanan ýaş suratkeşler Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolan birnäçe suratlary, milli şaý-seplerimize bezenip, başyna gyzyl kürte atynyp otyran gelinlerimiziň, ene mamalarymyzyň gelin-gyzlarymyzyň döreden el senedi bolan keşdeçilik sungatyny, umuman dünýä medeniýetiniň ösmegine milli medeni gymmatlyklarymyzy suratlaryň üsti bilen açyp görkezdiler. Serginiň dowamynda ýaş suratkeşler şu ajaýyp zamanamyzda öz ukyplaryna, başarnyklaryna uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.