«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda»


«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda»



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda, resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Perman bolup, şol sylaglar ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, pudaklary ösdürmekde, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllap ak ýürekden çeken tutanýerli we halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin işde tapawutlanan raýatlarymyza gowşurylýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda», «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda» Permanlara gol çekdi.