Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy


Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy



16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-önümçilik maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň teklip edilýän ýerleşjek ýerleri barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza Arkadag şäheriniň, Gökdepe etrabynyň we Aşgabadyň dolandyryş çägi, onuň ugurlaryny görkezýän çyzgylar hem-de degişli ýer bölekleri hakynda giňişleýin maglumat berildi.

Görkezilen şekil taslamalaryň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we oňa degişli ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň, ýyladyşhana toplumynyň, tejribe meýdanlarynyň we beýleki düzümleriň, hususan-da, Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda bina ediljek ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Arkadag şäherinde ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň teklip edilýän baş meýilnamasy bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýeti boljak ylmy-barlag institutlarynyň oba hojalyk pudagyna degişli ugurdaş düzümleriň ähli desgalarynyň bu şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.

— Şunda obasenagat toplumyna degişli bilim ojaklarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Binalaryň ýerleşdiriljek ýerleri ylmy esasda içgin öwrenilmelidir. Şol bir wagtyň özünde degişli toplumlaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Gurluşyk işlerinde obasenagat toplumynyň hünärmenleri bilen ýakyndan utgaşykly işe möhüm orun berilmelidir — diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.