«Глиэровская осень» atly saz baýragynyň eýesi – Aýlar Annamyradowa


«Глиэровская осень» atly saz baýragynyň eýesi – Aýlar Annamyradowa



Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, sazandalaryň we aýdym-saz toparlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen her ýyl Moskwa şäherinde R.M.Glier adyndaky «Глиэровская осень» atly halkara saz bäsleşigi geçirilýär. Şu ýyl hem bu bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň wiolonçel hünäriniň V ýyl talyby Aýlar Annamyradowa III derejeli diploma mynasyp boldy. Bu üstünlikli baýrak mynasybetli zehinli talyp deň-duşumyz Aýlar Annamyradowa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

- Aýlar ilki bilen sizi halkara saz bäsleşikde gazanan ýeňişiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Ýeňişleriňiziň höwri köp bolsun! Söhbedimiziň başynda bu bäsleşik barada öz pikiriňizi öz beýan edäýseňiz?

- Halkara bäsleşige gatnaşyp ýeňiş gazanmak meniň üçin döredijilikli terjimehalymda möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bäsleşikde toplanan tejribe täze hünär belentliklerini ýeňip geçmegime we şöhratly däp-dessurlarynyň doly mirasdüşeri we dowamy hökmünde türkmen ýerine ýetirijilik mekdebine goşant goşmaga mümkinçilik döredýär. Şunuň ýaly halkara bäsleşikleri bilimimizi artdyrmaga, öz kärlerimiziň ussady bolmaga has hem ýardam berýär we biz ýaşlary geljekde uly işlere hyjuwlandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uly sagbolsynymyz aýdýarys.

- Bäsleşik üçin saýlan eserleriňiziň şowlulyk getirmegi tötändenmi?

- Elbetde tötänden däl, men öz ukyp başarnygymy synap görmek üçin ýörite Karl Dawydowyň “Концертное аллегро” atly eserini ýazgy etdim we «Глиэровская осень» atly halkara bäsleşigine ugratdym. Bu eser özüniň ajaýyp tehnika wirtuozlylygy we çuňňur çeper mazmunyny birleşdirip görelde hökmünde kabul edilýär. Bu eserde öz başarnygymy ýüze çykarmak üçin, mazmuny meniň ýüregime has ýakyn boldy.

- Öň hem şunuň ýaly halkara bäsleşige gatnaşmak tejribäňizde barmy?

- Howwa, 2021-nji ýylda Italiýada «San-Remo» atly döredijilikli ýaşlaryň arasynda geçirilen Halkara saz bäsleşiginde meşhur kompozitor Dmitriý Şostakowiçiň wiolonçel üçin №1 konsertiniň Birinji bölümini ýerine ýetirip, II derejeli diploma mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bäsleşik meniň üçin garaşylmadyk we ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy, sebäbi bu meniň halkara derejedäki ilkinji üstünligimdi. Bu bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden şeýle hem Türkmenistandan wekiller gatnaşdylar.

- Biz hem konserwatoriýanyň talyplarynyň adyndan Aýlary gazanan üstünligi bilen gutlap, oňa okuwda, saz dünýäsinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Ýeňişli ýollaryňyz dowamly bolsun, Aýlar!

Güljemal DURDYÝEWA.