Çagalar çeperçilik mekdebinde


Çagalar çeperçilik mekdebinde



Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda eziz halkymyzyň her bir güni uly ruhybelentliklere beslenýär. Döwleti Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen, ýörelgäni aýan eden Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy gülledip ösdürmekde uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde tutymly işleri amala aşyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly uly toýy mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde uly tutymly işler alnyp barylýar. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň çäginde hem yzygiderli döredijilik sergileri gurnalýar. Sergilerde mekdebimiziň okuwçylary şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlaryndan dürli tilsimleriň üsti bilen taslama eserleri ýerine ýetirýärler. 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň döredijilik sergilerinde şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, amaly haşam sungaty bolan zergärçilik, külalçylyk ýaly ugurlardan dürli eserleri görmek bolýar. Çaga kalplaryndan syzdyryp döreden eserlerinde ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabadyň gaýtalanmajak täsin binägärlik gurluşygynyň ösüşli menzilleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp pursatlary bilen bagly eserler, esasan hem Garaşsyzlygymyzyň ýeten belent sepgitleri ýurdumyzyň mukaddes Bitaraplygy, buýsançly topragymyzyň sähraýy tebigaty, gamyş gulak türkmen ahalteke bedewleriniň gözel keşpleri, taryha ýaň salan Garagum çöliniň täsinlikleri, asmana seleňleýän gojaman Köpetdagyň gerişleri, asuda Watanymyzyň bagtyýar durmuşy has giňden çuň beýan edilýär.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrinde Hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamy bu günki gün özboluşly belent ösüşler bilen galkynýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary hem öz gezeklerinde ýaş nesillere bilim bermekde hem-de şekillendiriş sungatyna uly höwes döredip, bu hünäriň inçe we gaýtalanmajak milli öwüşginlerini olaryň aňyna siňdirmekde arman-ýadaman zähmet çekýärler. Mekdebimizde şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, keramika, zergärçilik, şekil ýasamak we şekillendiriş sungatynyň taryhy ýaly derslerden çuňlaşdyryp bilim alýarlar.
Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Batyr ÇARYÝEW