Döredijilik festiwaly


Döredijilik festiwaly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi.

Bu festiwalda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini monolog, şahyrymyzyň goşgularyny labyzly, çeper okamak we aýdym aýtmak, Pyragynyň goşgularyndan bir wakany sahnalaşdyrmak, «Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» ýaş şahyrlaryň öz goşgusyny çeper okamak hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen kompozisiýa tomaşa edildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, şeýle hem baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ýaşlaryň kalbynda, dana şahyrymyzyň eserlerinde watansöýjülik, agzybirlik, halallyk temasy biz talyp-deňduşlarymyza uly öwüt-nesihat, ýol-ýörelge, edep-ekram bolup hyzmat eder.

Gülkamar DÖWLETOWA