Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň mejlisler zalynda medeniýet toplumynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle-de degişli gulluklaryň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk ýurdumyzda gyş paslynyň dowam edýändigi göz öňünde tutulyp Aşgabat şäheriniň çäginde ýangynlaryň öňüni almak, ýaşaýyş jaýlarynda we edara-kärhanalarynda ýangyn howpsuzlygy, elektrik toguny, suwy we tebigy gazy rejeli peýdalanmak hem-de bu ulgamlaryň howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilişini gözegçilikde saklamak maksady bilen geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň 103-nji Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň kapitany Amangeldi Çolukow, Aşgabat şäher raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň Raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň hünärmeni, kapitan Annagül Amanowa, «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň Aşgabat bölüminiň inspektory Döwletmyrat Badžew, «Aşgabatgaz» müdirliginiň Tehniki iş otagynyň ussasy Gurbanbibi Aşirklyçowa, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Meýlis Nurgeldiýew, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Bägül Rezakulyýewa dagy çykyş etdiler.

Duşuşykda çykyş edenler, häzirki wagtda dowam edýän gyş paslynda howanyň sowamagy bilen baglanyşykly gündelik durmuşda ulanylýan tebigy gazy, elektrik enjamlaryny seresaply ulanmalydygyny, şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň gaz we elektrin enjamlaryny özbaşdan ulanmagyna ýol bermezlik barada bellediler.