Saglyk — bahasyz baýlyk


Saglyk — bahasyz baýlyk



Ýitir respirator keselleriniň köpçülikleýin ýaýraýan möwsümlerinde şular maslahat berilýar:

-gyzyl burçuň birnäçesini bir ýüpe düzüp, aşhanada asyp goýmak;
-ajysyna gözleriňi ýaşardyp, sogan dogramak, düýp sogany ikä bölüp, bolýan otagyňda saklamak;
-näsaga tiz-tizden içine limon, ary baly garylan gyzgyn çaý, mineral suwy we hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynda beýan edilýän melhemlik otlardan taýýarlanylan çaýlary köp mukdarda içmeklik;
-öýde wiruslara garşy hem-de rahatlandyryjy täsire eýe bolan üzärligi tütetmek;
-şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek;
-derman serişdelerini özbaşdak, esasan antibakterial derman serişdelerini lukmandan rugsatsyz kabul etmeli däl. Sebäbi kesel dörediji wiruslara antibakterial serişdeler täsir etmeýärler;
-aram gyzgyn we sowuk suw gezekleşdirilýän duş, hammam kabul etmek.