Aýdym-sazly dabara
Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň, halypa we ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň batly gadamlary» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri hem özgerişleri göwün galkyndyryjydyr.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, häzirki döwürde ýurt we halkara derejeli çärelerdir dabaralar yzygiderli geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň döredijilik dünýäsini giňişleýin açyp görkezýän, ýokary guramaçylykly geçirilýän giň gerimli dabaralardyr çäreler muňa aýdyň subutnamadyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar.» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.
«Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň batly gadamlary» atly aýdym-sazly dabaraly çärede çykyş edenler, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň « Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunynyň giňden wagyz edilýändigi hakynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda golaýda geçiriljek Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler, şonuň ýaly-da ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça geçirilýän çäreler hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli manyly şygyrlarynyň çuň mazmuny hakynda täsirli söhbet etdiler. Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň şygyrlary älem, dünýä, adamzat ýaly wajyp meselelerden başlap, ähli sowallara makul jogap bolup bilýän gymmatly mirasdyr. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň bütin adamzada zerurlygyny aýan edýär. Söz ussadynyň özbaşdak döwletli bolup, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden ýagşy arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy – diýip, guwanç bilen bellediler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny giňden öwrenip, dünýä ýaýmakda, akyldar şahyryň sarpasyny has-da belende götermekde, bedew batly ösüşleriň we dost-doganlygyň mekany hasaplanýan ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!