ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA DÜNÝÄ HALKLARYNYŇ MEDENIÝETLERINIŇ DIALOGY
Mälim bolşy ýaly, 4-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi, ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi çekdi. Parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk uly baýlykdyr. Biz bu baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sentýabr aýynda geçiriljek 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe sürjek başlangyçlarynyň medeni-ynsanperwer ulgam bilen hem baglanyşýandygyny bellemelidiris.
Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ guramalary bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriniň güni» atly Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary döwletler bilen dürli ugurlarda, şol sanda ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagy we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini maksat edinýän medeni hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.