TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI



31-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi bilen bagly wezipelere hem-de döwletimiziň dur-muşyna degişli käbir wajyp meselelere garaldy.
Milli Liderimiz döwletimizde milli mirasymyzy aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de giňden wagyz etmek üçin uly möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemmeleri «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamamyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen gutlap, häkimlere ýerlerde halkymyzyň milli mirasyny we ruhy baýlygyny wagyz etmek boýunça işleri giň gerimde alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam ar-kaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymy-zyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üs-tünlikleri arzuw etdi.