MERKEZI AZIÝA: SUNGATLAR SÖZLEŞENDE, KÖŇÜLLER BIRLEŞÝÄR
Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň birbada altysynyň geçiriljek güni barha ýakynlaýar. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti hem bar. Adyna üns beriň: dabaraly baýramçylyk konserti. Eýýäm şundan görnüşi ýaly, sebitiň ýurtlary bu uly çärelere doly taýýarlykly barýarlar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisiniň hem, Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň hem örän guramaçylykly geçiriljekdigini, netijeli boljakdygyny arkaýyn aýtsa bolar.
Hawa, bu çäreleriň hatarynda bilelikdäki dabaraly baýramçylyk konsertiniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär. Diýmek, medeniýetler sözleşende, köňüller birleşýär. Onsoňam, bu bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň halklary asyrlaryň dowamynda dost hem dogan bolup ýaşaşyp gelendirler. Olary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşdyrýan çuň kökler bar. Ol kökler köp müňýyllyk taryhy, garyndaşlygy hem goňşuçylygy, ýene iň esasy
zat — ruhy birligi, diýmek, ynançlaryň hem garaýyşlaryň, ylymlaryň hem sungatlaryň birligini, eriş-argaçlygyny yzarlap gaýdýandyr. Şu ýyl öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän bu döwletleri ýakyn geçmişdäki ykballaryň birligi, ine, indi bolsa garaşsyz ösüşiň, özgerişiň hatyrasyna özara gyzyklanmalaryň ýakynlygy hem birleşdirýär. Geçmişiň has alyslyklaryndan şu güne ýeten, geljege uzaýan bu ýakynlyklar babatda aýdara şeýle bir zat kän, baryny diýmäge uly-uly ylmy işler, uly-uly kitaplar gerekdir.
Bular — bir ykbaldan gaýdan halklar. Bir ynamdan, bir buýsançdan gaýdan halklar. Bulary ýaşalan, gezilen, ýurt edinilen ýerler birleşdirýär. Umumylaşdyryp aýtsak, bular bir sähranyň howasyndan dem alýarlar. Bir derýanyň suwuny içýärler... Ýap-ýaňy ýatlaýşymyz ýaly, bularyň her biriniň iň täze
taryhy — döwletlilik taryhy hem bir ýagdaýdan, bir döwürden gaýdýar. Bularyň her biriniň öz döwletliligini goraýşynda, berkidişinde hem wagt, jemgyýetçilik aňynyň üýtgeýşi taýdan, ýene bir topar jähetden birlik, ýakynlyklar bar. Uly hasapdan seredeniňde, bütin taryhynyň dowamynda bu halklary biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Edil häzirki gürrü-ňimiz medeniýetleriň ýakynlygy, diýmek, ýürekdeşlik hakynda.
Biziň deň-duşlarymyz, beýleki ajaýyp eserler bilen birlikde, gazak edebiýatynyň Jambyl Jabaýew, Abaý Kunanbaýew, Muhtar Auezow, täjik edebiýatynyň Rudaki, Ferdöwsi, Omar Haýýam, Abdyrahman Jamy, Mürze Tursunzade, Sadretdin Aýny, özbek edebiýatynyň Alyşir Nowaýy, Gafur Gulam, gyrgyz edebiýatynyň Çingiz Aýtmatow ýaly söz ussatlarynyň eserlerini okap kemala geldiler. Şuny aýdýarkak, hökman başga bir ýagdaýy hem ýatlamalydyrys. Biziň köpasyrlyk medeniýetimiziň beýik nusgalaryny bu halklaryň her biri
özüniňki hasap edýär. Mysal üçin, Aýnyny diňe täjikler däl, özbeklerem özüniňki hasap edýärler. Ol bu iki halkyň — hem özbek, hem täjik halklarynyň geçen asyr prozasynyň düýbüni tutujydyr. Ibn Sina, Horezmi, Omar Haýýam, Jelaletdin Rumy, Jamy, Nowaýy ýaly beýik şahsyýetler bilen baglanyşykly hem şular ýaly pikir ýöredip bolar. Bulary sebitiň halklarynyň her biri özüniň-ki edesi gelýär. Şeýle beýik söz, sungat ussatlarynyň şanyna Aşgabatdaky «Ylham» seýilgähinde ajaýyp heýkeller dikildi, şolaryň her biri biziň — türkmen halkynyň milli buýsanjydyr.
Ýeri gelende, ýene bir mysala ýüzleneliň! Alyşir Nowaýyny, edil özbek halkynyň öz şahyry hasap edişi ýaly, türkmen halky hem öz şahyry hasap edýär. Diňe şunuň bilen baglanyşykly-da juda kän zat aýdyp bolar. Ozaly bilen, «Nowaýy perdesi» hakynda, Myraly bilen baglanyşykly türkmen halk hekaýatlary barada aýdarsyň. Azady, Magtymguly, Andalyp, Gaýyby, Mollanepes ýaly söz ussatlarymyzyň Nowaýyny öz halypasy hasaplandyklary barada aýdarsyň... Magtymgulynyň, türkmen nusgawy edebiýatynyň beýleki wekilleriniň, türkmen dessanlarynyň goşgularyna özbegistanly ussat aýdymçylar örän köp aýdymlary aýdyp gelýärler. Sözi hem sazy bilen bu halkyň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, olar özbek halk aýdymlary derejesine öwrülip gidipdir. Özbek doganlarymyz muny şeýle-de kabul edýärler.
Aldarköse, Ependi ýaly halk döredijiliginiň gahrymanlary iki halkda-da bar. Özbeklerde «Ýusup — Ahmet» halk kyssasy bar bolsa, türkmenlerde Magrupynyň gadymy oguz dessançylyk däbi bilen döreden
«Ýusup — Ahmet» dessany bar. Bu iki halkyň hersiniň öz «Göroglusy» hem bar. Dessançylyk däbi sebitiň beýleki halklaryna hem degişlidir. Mysal üçin, gyrgyzlaryň «Manas» eposy bu halkyň şahyrana zehininiň iň beýik ýadygärligi hasaplanylýar. «Alpamyş» eposy özbeklerde-de, gazaklarda-da, beýleki käbir türki halklarda-da bar.
Akynlar — bu gazak, gyrgyz edebiýatyna we sungatyna degişlidir. Şonuň bilen birlikde, beýleki halklara, ozaly bilen, türkmen halkyna degişlidir. Biziň halkymyzda olar ozanlar ýa-da aşyklar diýlip atlandyrylypdyr. Ozanlar
şahyr-improwizatorlardyr, aýdymyň sözüni, sazyny özi düzüp, özi hem ýerine ýetirýän ussatlardyr. Taryhdan muňa kän mysallar getirip bolardy. Edil sebitiň beýleki halklarynda bolşy ýaly, türkmenlerde hem meşhur aşyk-ozanlar bolupdyr. Garajaoglan muňa örän gowy mysaldyr. Şunuň ýaly halk şahyr-aýdymçylary
oba-oba, şäher-şäher, hatda ülke-ülke gezip, öz sungatyny illere ýetiripdirler. Diňe biziň sebitimizde däl, Ýakyn Gündogarda, Zakawkazýede meşhur bolan
«Aşyk — Garyp» — «Şasenem — Garyp» dessanyny meşhur aşyk-ozanlar döredip, timarlap, ýerine ýetirip gelipdirler. Şulary ýatlap, türkmen dessançylyk sungatynyň gözbaşlaryny aşyk-ozanlaryň sungaty bilen baglanyşykly gözlemek dogry bolsa gerek diýip pikir edýärsiň. Seljuklaryň Kiçi Aziýa aralaşmagy bilen, ol ýerde aşyk-ozanlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Häzirki zaman doganlyk Türkiýe Respublikasynda şol giň ýerlerde ýaşap öten ussat ozanlaryň onlarçasynyň ömri, döredijiligi öwrenilýär, eserleri neşir edilýär.
Merkezi Aziýanyň halklaryny gelip çykyşyndan, dilinden, dessuryndan, myhmansöýerlik ýaly, ençeme gowy gylyk-häsiýetlerinden başlap, gadymy rowaýatlara, hekaýatlara, ertekilere, nakyllara... çenli, saz gurallarynyň umumylyklaryna, milli tanslaryna... çenli örän köp zat birleşdirýär. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseriniň sebitiň türki halklarynyň umumy baýlygydygyny aýtmak hem artykmaçlyk etmez. Bu eser diňe türki halklar üçin däl, sebitiň ähli halklary, sebitden alysdaky ülkelerde ýaşaýan halklar üçinem örän gymmatly mirasdyr. Ol islendik halk üçin adamzadyň umumy dil, medeniýet, durmuş baýlygyny hertaraplaýyn öwrenmekde taýsyz çeşmedir.
Sebitiň halklarynyň ylym, medeniýet, ruhy taýdan iňňän galkynan döwürleriniň biri orta asyrlardyr. Munuň sebäbi, gürrüňsiz, güýçli döwletiň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Bu döwürde seljuk türkmenleriniň baýdagy belende göterilipdir. Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik türkmenler öňe çykypdyrlar we türkmen döwletliligini dünýä ýaýypdyrlar. Hatda beýik seljuk türkmen soltanlarynyň käbiri goşgy ýazypdyr, sungatyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanypdyr. Olar öz saýasynyň düşen ýerlerinde — giň ülkelerde ylmyň, medeniýetiň, sungatyň ösmegi üçin tagalla edipdirler. Şonuň netijesinde Merw, Ürgenç, Amul, Sarahs, Abiwerd, Gürgen, Mäne, Nusaý, Paraw ýaly şäherler türkmenlerden, şonuň bilen birlikde, sebitiň, bütin Gündogaryň beýleki halklaryndan bolan sowatly adamlary — magrypat hem sungat bossanynyň iň meşhur wekillerini ýetişdirýän, özünde jemleýän merkezler bolupdyr. Şeýdip, bu döwletiň saýasynda beýik ynsanlar — zamananyň şahyrlary, alymlary, kompozitorlary, bagşy-sazandalary, suratkeşleri, arhitektorlary, beýleki sungat adamlary kemala gelipdir. Nyzamylmülk, Omar Haýýam, Abu Seýit as-Samany Merwezi, Fahretdin ar-Rozy, Jürjany, Mahmyt Kaşgarly, Muhammet al-Horezmi, al-Kazyny, Muhammet Awfy Merwezi, Emir Muezzi, Mahesti, Hysrow Merwezi, Enweri Abiwerdi, Kutubetdin Mähneýi... «Sanasaň, sogaby bar» diýleni. Bular Seljuk türkmen döwletleriniň akyldarlarydyr, şahyrlarydyr, alymlarydyr, sungat eýeleridir.
Bu döwürde edebi hem resmi dil parsy bolsa-da, türki dilde eserler döredenler hem bolupdyr. Mysal üçin, Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen dilinde ýazan «Hikmetleri» diňe Merkezi Aziýada däl, Kiçi Aziýada, beýleki ýerlerde hem ýörgünli bolupdyr. Asly köneürgençli, Hywada ýaşan, türkmenleriň arasynda Pilmahmyt ady bilen tanalan, özbek halkynyň arasynda hem mydama meşhur bolan Mahmyt Pälwan possun, telpek tikmegiň ussady, örän güýçli pälwan, şahyr bolupdyr.
Ýeri gelende, ýene şuny ýatlamak isleýäris. Hywa, Buhara ýaly şäherler öz wagtynda sebitiň we mundan alysdaky ülkeleriň halklary üçin ylym-magrypat merkezi bolupdyr. Ol ýerlerde türkmen nusgawy edebiýatynyň Azady, Andalyp, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Kemine ýaly görnükli wekilleri bilim alypdyrlar. Bu sebitiň ylym ojaklaryna häzirki Türkmenistanyň çäginden baran Idris baba, Nyýazguly halypa ýaly türkmenler baştutanlyk, ruhy halypalyk edipdirler. Olar şol ýerlerde we häzirki Türkmenistanyň çäklerinde täze medreseler gurdurypdyrlar.
Sebitiň ýurtlarynyň her birinde taryhy ýerler, çuňňur öwrenilýän medeni ojaklar bar. Olar ýaşaýyş medeniýetiniň, binagärlikden başlap, sungatyň dürli görnüşleriniň gülläp ösüşlerinden habar berýär. Metjitler, medreseler, kümmetler, minaralar, kerwensaraýlar, keramiki önümler... Medeniýetiň, sungatyň gadymy yzlary... Däp-dessur aýdymlary, saz gurallary... Şular hem biziň halklarymyzyň, bir tarapdan, juda milli, beýleki tarapdan, bitewi medeniýetiniň bardygyny görkezýär.
Türkmen topragynda b.e. öňki VI-V müňýyllyklarda ekerançylyk we maldarçylyk medeniýeti ösüpdir. Şonuň bilen hem bu toprak adamzada ekerançylyk medeniýetiniň beýik nusgasyny beripdir. Şol döwürlerden bäri bu ýerlerde binagärlik işleri hem taryhy ösüşlere eýe bolupdyr. Sungatyň beýleki görnüşleri barada hem şunuň ýaly buýsançly sözleri aýdyp bolar. Türkmen halyçylyk sungaty bolsa şekillendiriş sungatynyň örän gadymy, täsin we gaýtalanmajak nusgasy hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen topragy täze ösüş döwrüni başdan geçirýär. Türkmenistan bu gün sebitiň we dünýäniň iň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrüldi. Parahatçylygy berkitmegiň, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ösüşleri gazanmagyň, ruhy ýakynlygy gazanmagyň iň ygtybarly ýollary milli Liderimiziň parasady bilen dünýä aýlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän, barha gözelleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu babatda örän amatly merkeze öwrüldi. Bu ýerde ýakyn günlerde geçiriljek, çawy dünýä doljak çäreler muny ýene bir gezek has doly aýan eder. Şonuň bilen birlikde, ol wakalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimize, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýar.
Akmyrat Hojanyýaz