Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy



6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepgitlere, ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini alamatlandyran taryhy waka öwrüldi.
Täze şypahana-bejeriş merkezi bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýol hem ulanylmaga berildi. Ýoluň çatryklarynyň biriniň merkezinde halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin zerur şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatyny özünde jemleýän «Saglyk» binasy oturdyldy. Täze desgalaryň açylyş dabaralary ýurdumyzda bagtyýar eýýamyň her bir gününiň uly üstünliklere we belent sepgitlere beslenýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra «Bagabat» şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän barlag-geçiriş nokadynyň ýanynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylaryň gulluk, hem-de olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Barlag-geçiriş nokadynyň serkerdesi döwlet Baştutanymyza gulluk ýagdaýlary we serhet ýakalarynyň häzirki ýagdaýy, bu künjegiň asudalygy hem-de abadançylygy barada hasabat berdi. s
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmaklaryny, Watanymyza wepaly gulluk etmeklerini arzuw etdi.
Şeýle hem milli Liderimiz bu günki dabara gatnaşan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň bardygyny aýdyp, dag derelerinden, jülgelerden gelýän çeşme suwlarynyň netijeli ulanylmagy, bagy-bossanlyga bürenmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady.

***
6-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Arçabil şaýolunyň ugrunda «Bagabat» şypahanasyna alyp barýan ýoluň esasy çatryklarynyň birinde gurlan «Saglyk» binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýetip gelýän 25 ýyllyk baýramyna gabatlanylan açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatyň edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň we artistleriniň ýatdan çykmajak çykyşlary bu dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
«Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginde gurlan, saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenilen döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy boldy.
Dabara gatnaşyjylar hem-de täze jaýa göçüp baran bagtyýar ýaşaýjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz, onuň bagtyýar we abadan durmuşy barada edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Umuman günüň wakalary milli Liderimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu strategiýa «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz aýdyň beýanyny tapdy.