TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MARY WELAÝATYNA IŞ SAPARY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MARY WELAÝATYNA IŞ SAPARY



7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.