MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY


MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY



23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly menzillere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.