Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana iş sapary tamamlandy


Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana iş sapary tamamlandy



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana iş sapary tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz günüň ikinji ýarymynda Daşkent şäherindäki Islam Karimow adyndaky halkara howa menzilinden paýtagtymyz Aşgabada ugrady.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Özbegistanyň Premýer-ministri Abdylla Aripow we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Özbegistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýurduň Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşdy. Hususanda, sammitiň dowamynda hormatly Prezidentimiz guramanyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-logistika we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe teklipleri öňe sürdi.