Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara gidrologiýa maksatnamasynyň mejlisine gatnaşdy


Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara gidrologiýa maksatnamasynyň mejlisine gatnaşdy



Şu ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň Hökümetara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň 6-njy adatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Mejlis ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçirildi.

Mejlisde Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň (HGM) býurosynyň agzalarynyň we Maliýe, Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk, Kararnamalary taýýarlamak boýunça komitetleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Türkmen ilçisi Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň täze saýlanan Prezidentini mähirli gutlady, şeýle hem HGM-iň býurosynyň täze wise-prezidentlerine we komitet agzalaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ilçi öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 21-nji marty 2025-nji ýyldan başlap Bütindünýä buzluk güni diýip yglan etmek hakynda kabul eden kararynyň çuňňur ähmiýetine ünsi çekdi. Bu karar halkara gün tertibinde buzlary goramagyň möhüm ähmiýetini görkezýär diýip, Çaryýew aýtdy.

Maksat Çaryýew çykyşyny dowam etdirip, HGM-iň ýakyn on ýylda suw ýetmezçiligi we sebitdäki suw baýlyklaryny durnukly dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek babatda bitirjek işlerine çuňňur hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan 2021—2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň hökümetara geňeşiniň agzasy bolup durýar.