HALKLARY YSNYŞDYRÝAN AWAZA


HALKLARY YSNYŞDYRÝAN AWAZA



Türkmenbaşy şäheri. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy. Sebit hyzmatdaşlygynda täze sahypany açjak iri halkara çäreler. Şu gün bu ajaýyp künjekde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçiriljek möhüm çäreleriň 6-sy Türkmenistanyň, hakykatdan-da, parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezidigini, çawy dünýä dolan türkmen myhmansöýerliginiň iň naýbaşy däplerini açyp görkezer.
Milli Liderimiziň döretmek we gurmak sungatynyň kämil nyşany bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara derejeli maslahatlardyr forumlary, sergilerdir festiwallary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplady, millionlarça ynsanyň ykbalyna täsirini ýetirýän, ýurtlardyr halklary has-da ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan çözgütleriň kabul edilýän merkezine öwrüldi. Bu gezegem şeýle bolar...

Howa ulagyndan Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde düşläniň­den, Awazanyň toý keşbi gözü­ňe ilýär. De­ňiz kenaryna eltýän ýoluň ugrundan başlap, bu ýerdäki desgalardyr myhmanhanalaryň öňünde goýlan bannerlerdäki dürli görnüşli ýazgylardyr wideoşekiller Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 5-siniň dilinde beýan edilen-de bolsa, birek-birek bilen gadyrly gatnaşyklary saklap, terjimeçisiz düşünişip bilýän dostlukly halklary birleşdirýän ruhy ýakynlykdan habar berýär. Çäreleriň geçiriljek ýerlerinde — Kongresler merkeziniň, «Berkarar» myhmanhanasynyň, sebit ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertiniň guraljak ýeri bolan amfiteatryň,
Türkmenbaşy Halkara de­ňiz portunyň töwereklerinde doganlyk döwletleriň baýdaklary parlasa, milli tagamlaryň halkara festiwalynyň ýaýbaň­landyryljak künjeginde sebitiň halklaryna mahsus ak öýler dikilipdir. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisine, ykdysady foruma, ýurtlaryň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisine, sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertine gatnaşýan myhmanlar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda garşylanyp, olaryň Hazaryň türkmen kenarynyň gözelliklerinden lezzet almagy üçin ähli şertler döredildi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenbaşy Halkara de­ňiz portuna degişli 9 müň 620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisini ýokary derejede guramak üçin güýçli depginde taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Gözden geçirilişiň esasy guramaçysy bolup, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda pudaklaýyn edaralardyr iri kärhanalar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kompaniýalar bar. Bu ýerdäki sergi ekspozisiýasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri hem milli önümlerini ýaýbaň­landyrarlar. Ondaky eksponatlar adaty görnüş bilen birlikde, wirtual usul arkaly hem görkeziler. Döwletleriň diwarlyklary sebitiň halklarynyň arasynda «ýaşaýyş daragty» hasaplanýan tut agajynyň töwereginde bir ýere jemlenýär. Bu nyşanda Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly pikirler öz beýanyny tapýar.

Awaza sammitiniň çäklerinde geçiriljek çäreler sebit ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bilen jemlener. Onda çykyş etjek aýdymçy-sazandalardyr tans toparlarynyň taýýarlyklaryny synlap, medeniýetiň we sungatyň ýüreklere ýol salyp, dürli dillerdäki aýdym-sazlar arkaly dost kalbynyň ýylysyny, mähirli salamyny ýetirýändigi hakda oýlanýarsyň. Suw çüwdürimli amfiteatryň häzirki zamanyň öň­debaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen sahnasy Merkezi Aziýa halklaryna mahsus milli bezegler bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Günüň ahyrynda bu ýerde dürli dillerdäki aýdym-sazlar belentden ýaň­lanar.

Aýgül Rahymowa