Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy



6-njy oktýabrda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.