Zehinleriň sazlaşygy


Zehinleriň sazlaşygy



Golaýda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi jaýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, “Kalbyň reňkli owazlary” atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaş mugallymlarynyň döredijilik sergisi gurnaldy. Sergide on dokuz sany ussadyň, on dokuz sany zehiniň döredijilik joşgunyndan dörän ajaýyp eserleri görkezildi. Göýä, Älemiň ähli şekilleri, ähli barlyklary bu ýere jemlenip, dünýäniň çözülmedik pelsepelerinden habar berýän ýaly, ýiti mazmunly eserler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Sergide çeperçilik dili, ýazyş usullary boýunça biri-birinden tapawutly suratkeşleriň kalbynyň ýiti owazlary öz beýanyny tapdy. Türkmen nakgaşçylyk sungatynyň ägirt uly sütünleriniň biri, sözüň doly manysynda “ägirt” suratkeş Annadurdy Almämmedowyň türkmen tebigatyny, bereketli topragymyzyň datly nygmatlaryny wasp edýän şahyrana eserleri, Kakageldi Gurbangeldiýewiň parahat oba durmuşyny, çagalaryň aladasyz hem şadyýan dünýäsini şekillendirýän işleri, Aşyrmuhammet Kulyýewiň durmuş, adam ömri we onuň ykbaly hakdaky pikir-düşünjelerini inçelik bilen teswirleýän tematiki eserleri, Gylyçmyrat Nurlyýewiň göçme manyly dürli şekilleriň utgaşygyndan düzülen çuň mazmunly taslamalary, halypa suratkeş Baýramdurdy Nuryýewiň türkmen milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny öz döredijiligine mahsus şekilde, ýagny miniatýura usulynda suratlandyrýan ajaýyp nakgaşlyk eserleri tomaşaçylaryň kalbynda ýakymly owaz bolup ýaňlandy.

Döredijilik ýoluny gyzgalaňly depginde alyp barýan Polat Garryýewiň çuňňur pelsepä ýugrulan işleri adamzadyň müňýyllyklaryň dowamynda gözleýän soraglarynyň ähli syrlaryny öz jümmüşinde saklaýar. Bu eserler adamyň aňyndaky doly anyklanylmadyk pikir-düşünjelerine kybap gelip, ony çuňňur oýa batyrýar.

Guwanç Hojanyýazow “Agşam”, “Tomsuň ertiri”, “Dünýä”, “Wagt” ýaly eserlerinde göçgünli duýgularyň özara gapma-garşylygy ýiti suratlandyrylýar. Suratkeş Anna Annaýew bolsa, öz taslamalaryny düýbünden başgaça äheňde çözýär. Asuda asmanda ganatlaryny giňden ýaýyp uçup barýan durnalar, ümsüm meýdanda otlap ýören atlar suratkeşiň eserlerine akgynlylyk, rahatlyk, sazlaşyklylyk alamatlaryny çaýýar.

Şekillendiriş sungatynyň ähli kada-kanunlaryny özleşdirip, täze usullarda, täze çözgütlerde, täze serişdeleriň üsti bilen eser döretmek ýaly aýratynlyklar sergä gatnaşan ýaş suratkeşleriň döredijiliginde aýdyň şöhlelendi. Bu ýerde öz pikirini maksadalaýyk açyp görkezmekde bezeglilik, millilik äheňlerine ýykgyn edýän zehinli suratkeş Begenç Berkeliýewi belläp geçmek bolar. Ýurdumyzda geçirilýän sergilere döwrebap hem täsirli eserleri bilen yzygiderli gatnaşýan suratkeş “Asyry geçiren tut”, “Kesilen tut”, “Merw tutlary”, “Üç tut” ýaly eserlerinde tut agajynyň üsti bilen öz pikirlerini beýan edýär. Eserde suratkeşiň adamzadyň gylyk-häsiýetleri, Älem, ykbal, durmuş we ynsanlaryň özara gatnaşyklary hakdaky pikir ýöretmeleri tut agaçlarynyň keşbinde teswirlenýär.

Ýaşlygyna garamazdan, türkmen şekillendiriş sungatynda öz mynasyp ornuny tapyp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine eýe bolan zehinli suratkeş Gahryman Goçmyradow adatdan daşary pikirleniş ukyby, giň mazmunly taslama çözgütleri bilen tapawutlanýar. Ol tomaşaça öz duýgularyny geçirip bilýär, onuň bilen “söhbetdeş bolýar”, täze-täze pikirleriň döremegine itergi berýär. Ynha, şol aýratynlyklar hem Gahryman Goçmyradowyň her bir eserinde öz beýanyny tapýar.

Döwrebap şekillendiriş sungatymyzda taryhçy suratkeş hökmünde öz ussatlygyny, ukyp-başarnygyny halkara derejesinde açyp görkezen Azat Myradow ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere yzygiderli gatnaşýar. Ol hem surat çekýär, hem taryhyň tapylgysyz tejribelerini tomaşaça ýetirýär. Suratkeşiň taslamalarynyň her bir bölegi, her bir şekili umumy pikiri açyp görkezmeklige hyzmat edýär. Netijede bir bitewi pikiri ýüze çykarýan eserler bizi taryhyň syrly sahypalaryna alyp gidýär.

Mundan başga-da sergide Wepa Gurdow, Berdimyrat Toýçyýew zehinli peýzažçylar hökmünde gözel tebigatymyzyň şahyrana keşbini öz eserlerinde çeper beýan etdiler. Merdan Nurmedowyň täsin reňk öwüşginleri bilen tapawutlanýan taslamalary, Annageldi Jumaniýazowyň ajaýyp natýurmortlary tiz ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. “Ene keşpleriniň çeper waspçysy” hasaplanýan Myratmergen Kulyýew, özboluşly taslama çözgütleri bilen tapawutlanýan Gülälek Saryýewa, milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyp keşbini açyp görkezýän Maksat Hudaýberdiýew, dürli žanrlar boýunça öz döredijilik başarnygyny synap, irginsiz gözlegleri alyp barýan Meýlis Çaryýew ýaly suratkeşleriň ýaşlygyna garamazdan, eýýäm özbaşdak döredijilik ýoluny tapandygy aýdyň duýulýar. Umuman, güýzüň ilkinji günlerinde açylan nakgaş suratkeşleriň sergisi täze döredijilik üstünliklerine iterýän güýç mysaly sergä gelen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.



Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA.