Içseň gana-gana...


Içseň gana-gana...



Tomsuň yssy günlerinde özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygi-derli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, ol ganyň goýalmagyna getir-ýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar.
Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň hem öz düz-günleri bar. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyk-lardan goraýar. Tomusda howanyň yssylygy sebäpli, adam bedeni suwy köp ýitirýär, suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk de-rejesi saklanýar.
Lukmanlar suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegi maslahat berýär. To-musda günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw içmeli.
Lukmanlaryň bellemegine görä, irden turup, ajöze bir bulgur arassa suw içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Käbir adam limon-ly suwy içmegi halaýar. Bu adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Limonly suw bedendäki aşgar deňagramlylygyny saklamaga we gerek bolmadyk ýaglardan,
suwuklyklardan saplanmaga kömek edýär. Limonly suwuň güýç beriji häsiýeti kofeniňkiden pes däl, ol adamy dok saklaýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.