Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy


Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy



11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Irden Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geçýän ýerine geldi.
Şeýle hem milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.