Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi


Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny, ýurtda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine Türkiýäniň kompaniýalarynyň, şol sanda «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli, uzak möhletleýinlik esasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda Türkiýä amala aşyran resmi saparynyň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belledi.

Ahmet Çalyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Ankara saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen bilelikdäki işewürlik forumynyň Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri üçin möhüm waka bolandygyny belledi. Şunda türk işewürleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de şu maksatlar bilen öz kuwwatlyklaryny işjeň herekete getirmäge gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Ahmet Çalyk kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ata Watan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň «Çalyk Holding» kompaniýalar topary üçin uly mertebedigini aýdyp, Ahmet Çalyk öz ýolbaşçylyk edýän holdingine täze iri taslamanyň — Türkmenbaşy etrabynda guruljak häzirki zaman, kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, türkmen hem-de türk halklarynyň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has pugtalandyrylmagyna ýardam berýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy we Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.