AGYZ-BURUN ÖRTÜGI — KESELLERE GARŞY BERK BÖWET


AGYZ-BURUN ÖRTÜGI — KESELLERE GARŞY BERK BÖWET



Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artandygy sebäpli, lukmanlar daşary çykylanda, hökman agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berýärler. Munuň özi kesellerden goranmagyň iň ygtybarly şertidir. Örtügi ulanmazdan öňürti, eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly. Örtük dakynanyňyzda, agzy-ňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli. Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalşyň! Agyz-burun örtügini ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.
Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soňra-da, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly. Lukmanlar bu örtükleri 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat berýärler. Bir gezeklik örtükler gaýtadan ulanylmaly däldir. Eger-de siz mata örtükleri saýlaýan bolsaňyz, ony aýranyňyzdan soň, sabyn ýa-da ýuwujy serişde ulanyp, 60 gradus gyzgynlykdan pes bolmadyk suwda ýuwmaly hem-de guradyp ütüklemeli.
Sizde hatda keseliň alamatlary ýok hem bolsa ýa-da keselli adama ideg etmeýän bolsaňyz-da, örtükden peýdalanmak howa-damja ýoly bilen kesellemek mümkinçiligini azaldýar.