Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin gyz hem bolmasa
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu günki gün toýlarymyz toýlara ulaşýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde geçirmeginde «Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin gyz hem bolmasa» ady bilen talyp gyzlar, zenan mugallymlar we halyçy gelinlerimiziň gatnaşmagynda, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlary, el işleri, maşgala mukaddesligini hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça terbiýeçilik ähmiýetli üme çäresi geçirildi.
Bu çäre aýdym-saz bilen utgaşykly bolup has-da çäräni depginini dabaralandyrdy. Gyz-gelinler ýürek buýsançlaryny öz joşgunly aýdymlarynda, sözlän sözlerinde yhlasly, ýokary ruhubelentlik bilen, ýurdumyzyň ösüşini, gözelligini, ýylyň şygaryny joşgunly dabaralandyryp beýan etdiler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, döwlet, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!