Sag başym - Soltan Başym KUWWATLY BOLAÝYN DIÝSEŇIZ!


Sag başym - Soltan Başym KUWWATLY BOLAÝYN DIÝSEŇIZ!



Kadaly iýmitleniň! A witaminine baý önümleri köpräk iýiň! Ösümlik ýagy goşulyp, ter käşirden taýýarlanan işdäaçary, mesgä bişirilen kädi üwmejini, ýumurtga, dorag, ýogurt, gaýnadylan et, buglanan balyk ýaly önümleri hem-de miweleri ýygy-ýygydan iýiň! Gök önümlerdir miweler immuniteti güýçlendirmäge ukyply C witaminine örän baý bolup, olary, esasan, terligine iýmek maslahat berilýär. Gök-bakja önümleridir miweleri az-azdan, yzygiderli iýmek peýdalydyr. Pasyl çalşygynda çopantelpek, itburun, ýandak, zirk, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlar has-da peýdalydyr. Günüňdowamynda ýeterlik mukdardaagyz suwuny içmegi hem unutmaň!
Özüňiz üçin arassa howa gurşawyny dörediň! Tämiz howadan dem alyň!
Arassaçylyk işlerinden soň, otaglaryň howasy üzärlik bilen tämizlenilse, has peýdalydyr. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý ediň, eliňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň!
Gün tertibini dogry berjaý ediň! Wagtly-wagtynda naharlanyň! Kadaly ukyňyzy alyň!
Ruhuňyzy belent tutuň! Gaharlanmaň, her hili ýagdaýda-da deňagramlylygy saklaň we ýygy-ýygydan ýylgyryň! Daş-töweregiňizdäkilere-de şatlyk-gülki paýlajak boluň!