Ýaz ýapynjaňy ýanyňdan goýma!
Pasyllaryň çalyşmagy, ýagny gyşyň öz ornuny ýaz paslyna bermegi beden saglygymyzy berkitmek, ony dürli kesellerden goramak babatdaky jogapkärçiligimizi birjik-de azaltmaýar. Sepgitde allergiýa ýagdaýlarynyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen, gartaşan adamlaryň gan basyşynyň durnuksyz bolmagy mümkin. Şonuň üçin hem şu düzgünleri berjaý etmek zerur:
1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.
2. Pasyl çalşygynda burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.
3. Ýaz paslynyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini köpräk iýmeli, miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini içmeli.
4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Munuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
5. Pasyl çalşygynda we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy aram-aram içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde örän ähmiýetli tagamdyr, ýöne kesele garşy göreşilende, hökman maşgala lukmany bilen maslahatlaşmaly.
6. Ýiti respirator ýokanç keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly! Özbaşdak ýagdaýda derman serişdelerini ulanmaly däl! Esasan hem, bu antibakterial derman serişdelerine degişli. Sebäbi antibakterial derman serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy göreşmäge ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
7. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli.
8. Sepgitde bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi ýatdan çykarmaly däl.
9. Ýazyna dürli iýmit zäherlenmeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli. Bu, esasan-da, kömelek ýaly ösümliklere degişlidir.
10. Ýazda howanyň derejesiniň günüň dowamynda üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli.