Sagdyn bolaýyn diýseňiz!


Sagdyn bolaýyn diýseňiz!



• Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň, hökman sabyn bilen ýuwmalydyr. Onuň üçin ilki eliňi ölläp, sabyn çalmaly-da, eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň aralaryny, şeýle-de bilekleriňi mazaly ýuwmaly.

• Daş çykylanda elleriňe zyýansyzlandyryş serişdelerini sepmegiň hem mikroblardan goraýjylyk ähmiýeti bardyr. Ellerini ýuwmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, zyýansyzlandyryş serişdesini ýany bilen götermegi endik edinen adam bu meseläni aňsatlyk bilen çözer. Ýagny olar serişdäni eline çalyp, mikroblardan goranyp biler. Şeýle-de, bu serişdeler bilen ýanyňyzda gündelik göterýän ownuk-uşak goşlaryňyzy (açar, gaýyş torba, awtobusda ulanylýan ýol karty we ş.m.), ykjam telefonyňyzy hem süpürip bilersiňiz!

• Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy-da hökmandyr. El süpürilýän hem-de hammamdan çykaňsoň bedeniňi süpürmekde ulanýan süpürgijiň aýry bolmalydyr. Süpürgiçler, elýaglyklar her gezek ýuwlansoň ütüklenilse talabalaýyk bolar. Süpürgiçler her 2-3 günden çalşyrylmalydyr.

• Maşgala agzalarynyň hersiniň öz diş çotgasynyň hem-de daragynyň bolmalydygyny biz çagalykdan bilýäris. Diş çotgalary 3-4 aýdan artyk ulanylmaly däldir. Dişiňi her gün iki gezek — irden we agşam ýatmazyňdan öň arassalamalydyr. Maşgala agzalarynyň ýaşyna hem-de dişiň, diş etiniň ýagdaýyna görä, çotgalaryň ýumşak, ortaça ýa-da gaty görnüşi saýlanylmalydyr. Munda stomatolog lukmanlaryň maslahaty wajypdyr.

• Öýüň içini her iki günden tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly, her gün ýelejiretmeli. Penjireleri, tutulary hepdede bir gezek ýuwmak ýeterlik. Ýöne aşhana enjamlary günde-günaşa gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Mebelleri hepdede iki gezek öl esgi bilen tämizlemek ýeterlikdir. Öýde bar bolan diwanyň tozanyny ilki tozan sorujy enjam bilen arassalamaly, soňra bolsa ýörite ýumşak mebelleri tämizlemek üçin niýetlenen serişdeler bilen süpürmeli. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň!