«Bitaraplyk egsilmejek bagtdyr»


«Bitaraplyk egsilmejek bagtdyr»



Bitaraplyk derejesi Türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz dabarasy soňlanmajak baýramdyr. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganatyny birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine göterýär, baýram edip toý toýlaýar.
Golaýda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Hemişelik Bitaraplygymyzyň uly dabaralar bilen bellenip geçilen 25 ýyllyk toýy mynasybetli sergiler gurnaldy. Mekdebiň içinde geçirilen şol sergilere mekdepde okaýan okuwçylar gatnaşdylar. Şol sanda hem heýkel, nakgaş, zergär, haly bölümleri öz sergilerini gurnadylar. Mekdebiň kitaphanasynda kitap sergisi gurnaldy. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaplary esasynda okuwçylar özüne çekýän suratlar bilen tanyşdylar. Ajaýyp kitaplar okuwçylaryň sungata bolan höweslerini hasam artdyrdy. Şeýle hem ajaýyp zamanany berkararlygy, bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzy eziz türkmen halkymyzy wasp edýän sungat eserleri dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.