Saglygym-baýlygym


Saglygym-baýlygym



Dogry iýmitlenmek sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy şertleriniň biridir. Iýmit önümleriniň diňe hiline, ýokumlylygyna üns bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň kabul ediliş tertibi hem dogry ýola goýulmalydyr. Iýmit siňdiriş agzalarynyň işiniň kadaly ýagdaýda saklanmagy hem-de iýmitiň doly özleşmegi üçin lukmanlar şu şertleri berjaý etmegi maslahat berýärler:
bedene fiziki agram salnandan soň, üşäp ýa-da yssylap öýe giren badyňyza ýa-da dartgynly ýagdaýlardan soň, iýip-içmek beden üçin zyýanly bolup biler. Beden dartgynly ýagdaýdaka, iýmit siňdiriş şiresiniň bölünip çykmagy kynlaşýar. Şol sebapli hem, dartgynlylyk doly ýatyşandan soň, naharlanmak maslahat berilýär; saçagy tämiz, göze ýakymly, naharlanmak üçin ykjam edip ýazmaga çalşyň! Tagamlaryň göwnejaý gap-gaçlarda rejelenip goýulmagy hem naharyň işdämenlik bilen iýilmegine şert döredip bilýär;
gyzgyn nahardan soň ýa-da onuň ýany bilen ir-iymişleri iýmek maslahat berilmeýär. Şeyle etmek iýmitiň kadaly özleşmegine päsgel berip, içegede turşama hadysasynyň güýjemegine getirip biler. Naharyň yzysure süýji tagam hökmünde ter miweleri iýmekden saklanmaly;
iýmitiň mazaly çeýnelmegi ünsden düşürilmeli däldir. Iýmit oňat çeýnelende, iýmit siňdiriş ulgamynyň işi ýeňilleşýär we agyz boşlugyndaky tüýküligiň düzümindäki fermentleriň täsiri bilen uglewodlaryň we beloklaryň käbir görnüşleri dargaýar;
howlukman iýip-içiň! Saçaga äberilýän tagamlaryň arasynda 5 — 10 minut arakesme etmek talaba laýykdyr. Nahar iýýän wagtyňyz telefona jogap bermek ýaly dürli sebäpler bilen saçagyň başyndan turup gitmekden gaça duruň! Naharyň arasynyň bölünmegi aşgazan şiresiniň kadaly bölünip çykmagyna päsgel berip, iýmitiň aňsat özleşmeginde bökdençlik döredip biler;
naharlanmagyň öň ýany, naharlanýan wagtyňyz we nahar iýip bolaýan badyňyza suw ya-da beýleki içgileri içmekden saklanyň! Iýilýän tagam has gurak bolaýan ýagdaýynda hem, suwy az-azdan owurtlaň, ýogsa, tüyküligiň mukdarynyň azalyp, iýmitiň siňmeginiň kynlaşmagy mümkin. Şeýle-de, iýilýän iýmit aşa sowuk ýa-da aşa gyzgyn bolmaly däldir. Sowuk hem-de gyzgyn tagamlary birlikde garyp iýmek hem zyýanlydyr;
naharlananyňyzdan soň, biraz dynç alyň! Ýöne göni geçip ýatmaň, azyndan 15 minut gezelenç etmegi lukmanlar dogry hasaplaýarlar.