«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLY MYNASYBETLI, ÝURDUMYZYŇ SURATKEŞLERINIŇ ŞEKILLENDIRIŞ WE AMALY-HAŞAM SUNGATY ESERLERINIŇ SERGISI
2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-na Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy.
Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Saparmämmet Meredowyň «Garry çynar», «Akyldar Azady», «Gadymy ýadygärlik», Aýjahan Babatäjowanyň «Gyz-gelinler», Merjen Amangylyjowanyň «Eli çeper gyzlar», Orazgylyç Öwezowyň «Gül çemeni», «Natýurmort», Işanguly Işangulyýewiň «Hindistan», Rustam Abdullaýewiň «Garagum», Tuwak Sähedowanyň «Kompozisiýa» atly nakgaşlyk eserleri görkezildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zehinli talyplarynyň döreden ajaýyp sungat eserleri görkezildi. Olaryň arasynda Nurmyrat Gurdowyň «Goja çynar», Jemal Baýmyradowanyň «Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr», Kümüş Baýramgulyýewanyň «Gözel Hindistan», Bägül Oralowanyň «Çagalyk ýyllarym», Allaberdi Atadurdyýewiň «Pyragyny gören daglar» eserleri bellemäge mynasypdyr. Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanamyzyň waspy, gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň çeper beýany, eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, şöhratly taryhymyz, abadan ýurdumyz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar.
Sergi öz işini 10 gün dowam eder.