Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi



Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine gözegçilik etmäge hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga degişli soraglaryň birnäçesi hem-de beýleki ugurlar boldy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakmagyň dabaraly çäresi geçirildi. Sylaglananlaryň her biri degişli nyşany kabul edip, watançylyk Kasamyny aýtdy.
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara döwletimiziň özygtyýarlylygyny, döwlet Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, serhetleriň eldegrilmezligini, parahatçylygy we asudalygy, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.