Mukam ýolunyň dowamy
Türkmen aýdym-saz sungatynyň uly ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat mugallymlaryň halypalyk etmeginde birnäçe kämil nesiller ýüze çykýar. Şol ýaş talyplara bilim berýän halypa mugallymlaryň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, sazanda Orazgeldi Seýitgeldiýewdir. Ol özüniň döredijilikli sungat ýolunyň ilkinji ädimlerine heniz çagaka başlapdyr. Owaly sungat ojagynda kemala gelip, mähir sallançagynda hüwdülenip boý alan ýigit çagalykdan goşa tary öz ýakyn hemrasy saýyp, senedine ussatlarça erk etmegi özüne maksat edinipdir. Onuň ilkinji halypasy öz kakasy Sapargylyç Seýitgeldiýewdir. Ol hem öz döwrüniň ussat sazandalarynyň biri bolup, türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde uly goşant goşan halypa sazandadyr. Ussat dutarçy S.Seýitgeldiýew ogly hakda şeýle diýýär: «Her gezek onuň çalýan sazlaryny diňlänimde, türkmeniň «Ata kesbi — ogla halal» diýen parasatly nakyly ýadyma düşýär. Men oňa çyn ýüregimden guwanýaryn, buýsanýaryn».
Soňra ol Çary Taçmämmedow adyndaky halk saz gurallary ansamblynda dutarçy sazanda bolup işe başlaýar. 2000-nji ýyla çenli şol ansamblda işleýär. Ondan soňra özüniň zähmet ýoluny Çagalar we ýetginjekler köşgünde ýaş çagalara bilim bermek bilen dowam edýär. Ol ýerde işlän döwründe çagalar ansamblyna ýolbaşçylyk edip, geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, özüniň goşandyny goşýar. 2007-nji ýyldan häzirki wagta çenli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekip, talyplara bilim berip gelýär. Ýeri gelende aýtsak, 2011-nji ýylda Orazgeldi Seýitgeldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Şa serpaýyna mynasyp boldy. Şeýle hem halypa mugallymyň çekýän zähmetine uly baha berip, 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Ol Türkmen telewideniýesiniň «Türkmen owazy» teleýaýlymynda yzygiderli çykyş edip gelýär. Onuň döreden «Mylaýym», «Öwüşgin», «Gadam» ýaly sazlary halk köpçüligi tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýär. Mundan başga-da, şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen «Enem sen» atly aýdymy diňleýjilerde enä bolan egsilmez söýgini artdyrýar.
Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halypa sazanda Orazgeldi Seýitgeldiýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşan myhmanlar öz çykyşlarynda mugallymyň ýaşlyk ýyllary hakynda gürrüň berdiler. O.Seýitgeldiýewiň çalan sazlaryndan wideo ýazgylar görkezildi. Duşuşyk O.Seýitgeldiýewiň özüniň ýolbaşçylyk etmegindäki talyplar ansamblynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp saz bilen jemlendi.