TÄZE ÜSTÜNLIKLERIŇ BERK BINÝADY DÖREDILÝÄR


TÄZE ÜSTÜNLIKLERIŇ BERK BINÝADY DÖREDILÝÄR

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi öz beýanyny tapdy. Şolaryň hatarynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda özgertmeleri ilerletmek, döwrebap önümçilik düzümleriniň sanyny artdyrmak, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak ýyly wezipeler bar diýip belläp geçýär.