Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi


Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri, hususan-da, häzirki wagtda ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna, döwrüň talabyna laýyklykda, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi, dürli ýurtlaryň parlamentleri, iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilýändigi barada aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny we wezipelerini halk köpçüligine düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem kabul edilen kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, resminamalaryň taýýarlanan taslamalary we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenilýän käbir degişli teklipler barada hasabatlary berdiler.

Degişli hasabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan saparyň netijeleri, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda käbir resminamalara gol çekdi we garamagyna hödürlenen teklipleri makullap, degişli ýolbaşçylara olar babatda anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.