«Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi


«Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň habar bermegine görä, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor, solistler we halk saz gurallary orkestri Nury Halmämmedowyň milli kinofilmlere ýazan meşhur saz eserlerini ýerine ýetirdi. Konserte Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna döredilen aýdymlary hem ýerine ýetirildi.

Nusgawy ýerine ýetiriş sungat mekdebiniň wekillerine deňleşýändigine garamazdan, ýaş aýdymçylar aýdymlaryny özboluşly aýtmaga çalyşdylar. D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Wepa Allaşow «Iki agaç», «Türkmen sährasy» aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Bu meşhur aýdymlar Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ady bilen baglanşyklydyr.

Ýaş solist Bekdurdy Çerkezow 1970-nji ýylda döredilen «Keçpelek» filminden kamera orkestriniň sazandarlygynda adybir aýdymy aýdyp, tomaşaçylaryň alkyşyny gazandy. Ýakynda Arkadag şäherinde açylan Sahy Jepbarow adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň wekilleri-de konsertiň myhmanlaryny begendirdiler.

Halkymyzyň baý medeni mirasyny dowam edýän dörediji ýaşlar milli ruhy we aňy beýan hem-de dowam edijilerdir. Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.