TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WEZIPÄ GIRIŞEN GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WEZIPÄ GIRIŞEN GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi diýip «Türkmenistan» gazeti habar berýär.