Röwşen ýollaryň beýany
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler milli Liderimiziň täze kitabynyň halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitapda, Milli Liderimiziň daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirleri jemlenendir. Täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli çuňňur many-mazmunly teklipler hem beýan edilýär.
Häzirki döwrüň syýasy wakalaryny halkara gatnaşyklaryny aýdyň beýan edýän täze kitapda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçiligiň öňündäki eden çykyşlary, daşary ýurt metbugatynda beren interwýulary ýerleşdirilipdir. Täze kitap maglumatlara, çuň manyly pikirlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy ösdürmek, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugurlary aýratyn ähmiýete eýedir.
Kitapda türkmen Bitaraplygynyň durnuklylygyň möhüm şerti hökmündäki döredijilik mümkinçiliklerine baha berilýär. Bitaraplyk ýörelgämiz meýilnamalary we maksatlary durmuşa geçirmegiň kämil nusgasyna öwrüldi.
Täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly sowallaryna jogap berjekdigini, Türkmenistanyň halkara derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän parasatly syýasatyna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň hem anyk düşünmäge ýardam etjekdigini bellediler.
Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirilen täze kitap watançylyk ruhuna ýugrulandyr. Mähriban Arkadagymyzyň watansöýüjilik duýgusynyň belentdigi her bir çykyşynda aýdyň duýulýar. Dabarada edilen çykyşlarda bu barada giňişleýin gürrüň edildi. Kitabyň iň asylly ýörelgeleri, durmuşymyzy, ýaşaýşymyzy, eziz Watanymyzy has-da beýik üstünliklere ýetirmegiň ýollaryny salgy berýändigi hem bellenildi. Şeýle hem ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryna, parahatçylyk arkaly ösüşe düşünmäge itergi berýär. Şonuň üçin bu kitap ýurdumyzyň dünýädäki
abraý-mertebesiniň beýikligine aýdyň göz ýetirmek üçin ähli adamlara, aýratyn-da, ýaş nesillere ýol-ýörelge bolup hyzmat eder.
Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazly çykyşlary dabarany ruhy joşguna besledi.
Bu ýere ýygnanan medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ynsanperwer syýasaty üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Ogulgurban GAŞLAKOWA