Dogry iýmitlenmegiň talaplaryny berjaý edeliň


Dogry iýmitlenmegiň talaplaryny berjaý edeliň



Dogry iýmitlenmek beden üçin zerur bolan iýmiti iýmekdir. Dogry iýmitlenmegiň esasy kadalarynyň biri çenden artyk iýmezlikdir.
Tebigy önümleri (balygy, guş etini, zeýtun, günebakar ýaglaryny, gök önümleri, ir-iýmişleri) iýmäge ymtylmalydyr. Bu önümleriň utgaşdyrylmagy, naharlaryň dürli görnüşde, dürli usulda (gaýnadylyp, buglanyp) taýýarlanylmagy, suwuň ýeterlik derejede içilmegi kada laýyk agramy saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden goranmaga ýardam edýär.
Dogry we doly iýmitlenmek nädogry iýmitlenmek bilen baglanyşykly kemçilikleriň we onuň beýleki ähli görnüşleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, aşa semizlik, diabet (süýji keseli), ýürek keselleri, beýni gan aýlanyşygynyň bozulmasy we howply döremeler ýaly ýokanç däl keselleriň döremeginiň öňüni alýar.
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň has uzak möhletleýin oňaýly netijeleri bardyr. Ol çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda artykmaç agramlylyk we aşa semizlik howpuny azaldyp bilýär.
Peýdaly, deňagramly iýmitiň anyk düzümi şahsy talaplara (adamyň ýaşyna, jynsyna, ýaşaýyş tertibine, fiziki işjeňligine) baglydyr;
Günüň dowamynda gök we bakja önümleriniň 400 gramyny iýmek ýokanç däl keselleriň ýüze çykmak howpuny azaldýar.Gök önümleri we bakja önümlerini naharyň ýany bilen iýmelidir. Möwsüme laýyklykda, ter bakja önümlerini nahara goşmalydyr.
Sarp edilýän ýaglary umumy energiýanyň 30 göterimden pes derejede azaltmak uly ýaşly adamlarda semizligiň öňüni alýar. Eti gowurman, eýsem gaýnadyp we buglap iýmek maslahat berilýär. Düzüminde doýgun ýaglary bolan azyk önümleri (peýniri, doňdurmany, ýagly eti) çäkli ölçeglerde iýmelidir.
Duzlaryň aşa köp iýilmegi we bedene kaliý ýetmezçiligi (3,5 gramdan hem az) ýokary ganbasyşy ýüze çykarýar. Ol bolsa, öz gezeginde, ýürek keseliniň we insultyň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar. Düzüminde duzy az bolan önümleri saýlamalydyr.
Azyk önümleriniň käbir öndürijileri önümlerine goşulýan duzuň mukdarynyň az bolmagy üçin taýýarlanyş usulyna üýtgeşmeler girizýärler we azyk önümlerinde duzuň näçe mukdarynyň bardygyny barlamak üçin ýüzündäki ýazga seretmegi maslahat berýärler. lýmitde gök we bakja önümlerini ulanmak arkaly bedene düşýän kaliý duzlary — natriý duzlarynyň döredýän ganaýlanyş bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Maglumatlara görä, uly ýaşlylaryň we çagalaryň erkin şekerleriniň mukdary umumy energiýanyň 10 göteriminden ýokary geçmeli däldir. Şekeriň mukdarynyň umumy energiýanyň 5 göteriminden azaldylmagy saglyk üçin has oňaýly täsir edýär. Öndüriji, aşpez ýa-da sarp ediji tarapyndan azyk önümlerine ýada içgilere goşulýan ähli şekerler, şeýle hem balyň, şerbetiň, miwe şireleriniň we miwe toşaplarynyň düzümindäki ähli şekerler erkin şekerlerdir.
Erkin şekerler dişleriň zaýalanmak howpuny ýokarlandyrýar. Erkin şekere baý bolan azyk önümlerinden we içgilerden alynýan artykmaç kaloriýalar hem agramyň kadasyz ýokarlanmagyna getirýär. Ol artykmaç agramlylygy we aşa semizligi döredýär.
Ýaş nesilleriň saglygy üçin olary doly we dogry iýmitlendirmek möhüm talapdyr, ol güýjüň we gözelligiň çeşmesi bolup durýar. Irki ýaşlaryndan başlap, çagalarymyzda dogry, peýdaly iýmitlenmek endiklerini kemala getirmek olaryň uzak we sagdyn durmuşynyň girewidir.

Suraý ÇARYÝEWA