Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi



26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň dowamynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna geçiriljek halkara çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklar berildi.
Şeýle hem milli Liderimiz Täze ýyly garşylamaga degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.