Kalba siňen aýdymlar


Kalba siňen aýdymlar



Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şu günlerde hem ýurdumyzyň ähli ýerlerinde milli bahar baýramy mynasybetli dürli medeni köpçülik çäreleri ýaýbaňlandyrylýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň mugallymlary Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramowyň we Magtymguly Magtymgulyýewiň bilelikde taýýarlan Nowruz baýramçylygy mynasybetli «Kalba siňen aýdymlar» atly ajaýyp konserti geçirildi.

Konsertiň dowamynda halkyň kalbynda müdimilik orun alan türkmen halk aýdymlary bilen birlikde mukamçy kompozitorlaryň ýurdumyzyň ösüşlerini we Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän belent işlerini wasp edýän şirin aýdymlar ýaňlandy.