KADALARY BERK BERJAÝ EDELIŇ!
◊ Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!
◊ Her gün azyndan 2 litr arassa suw içiň!
◊ Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň! Daşardan geleni¬ňizde, nahardan öň we soň, eli¬ňizi sabynlap ýuwuň!
◊ 8 sagatdan az bolmadyk kadaly ukyňyzy alyň!
◊ Daşary çykany¬ňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň! Örtügi talabalaýyk, dürs dakynyň!
◊ Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň!
◊ Öý we iş otaglary¬ňyzyň penjirelerini açyp, ýelejiredip, howasyny çalşyp duruň!
◊ Üzärlik tütedip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirip duruň!
◊ Galyndylary we zir-zibilleri wagtly-wagtynda aýryň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.