MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINDÄKI GURLUŞYKLARYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY


MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINDÄKI GURLUŞYKLARYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY



19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.