Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar


Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar



14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.
Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.