Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy


Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy



Şu gün — 24-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň myhmanlaryny ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin gezelenç guraldy. Dürli ýurtlara wekilçilik edýän myhmanlar ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, bu ýerde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Muzeý işgärleri daşary ýurtly tälimçilere, türgenlere we hünärmenlere gadymy Diýarymyzyň dürli ýerlerinde geçirilen arheologik barlag işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň zehininden kemala gelen ajaýyp halylar we haly önümleri, gymmat bahaly metallardan taýýarlanan şaý-sepler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şekillendiriş sungaty muzeýine guralan gezelençde türkmen durmuşyny açyp görkezýän suratlar, dürli döwürlerde döredilen sungat eserleri, nakgaşçylyk önümleri, heýkeller myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Günüň medeni maksatnamasy «Aşgabat» kinoteatrynda myhmanlara «Kämillige ýol» atly kinofilmiň görkezilmegi bilen jemlendi.