Londonda Türkmenistanyň Bitaraplygy hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi


Londonda Türkmenistanyň Bitaraplygy hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi



Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Dabara Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölüminiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan we ýaşaýan türkmen raýatlary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty hem-de halkara gatnaşyklarda öňe sürýän döwrebap başlangyçlary bilen tanyşdylar.

Şeýle hem Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada maglumatlar hem-de foto we wideo materiallar bilen tanyşdyryldy.