Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy


Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz ýurdumyzda zähmet üstünlikleri gazanylyp, uly ýeňişlere eýe bolunýar. Garaşsyz döwletimizde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredýän eserlerinde, şygyrlarynda öz beýanyny tapýar.

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda «Belent waspyň dillerde, mukaddes Garaşsyzlyk!» atly baýramçylyk şygyr okaýyş çäresi geçirildi. Onda belli şahyrlarymyz Akmyrat Hojanyýazow, Ogulgözel Şagulyýewa, Ogultäç Oraztaganowa, ýazyjy Döwletmyrat Nuryýew, şonuň ýaly-da ýaş şahyrlar çykyş edip, naýbaşy baýramymyzyň waspyny ýetirdiler. “Altyn asyr: Türkmenistan”, “Miras”, “Ýaşlyk” teleradioýaýlymlarynyň, “Aşgabat” teleýaýlymynyň we birnäçe radioýaýlymlarynyň ýazgy etmeginde guralan söhbetdeşlikler, ýazyjy-şahyrlaryň ylham joşgunyna ýugrulan şygyrlar, döredijilik işgärleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan guwanç-buýsançlarynyň örän uludygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.



Ogulgurban GAŞLAKOWA.