ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINI TOPLUMLAÝYN ÖSDÜRMEK ÜNS MERKEZINDE


ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINI TOPLUMLAÝYN ÖSDÜRMEK ÜNS MERKEZINDE



31-nji maýda Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Daşoguz şäheriniň merkezinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen welaýat köpugurly hassahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar bilen tanyşdy we welaýatyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.